logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Sarahs etrap hassahanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  25.05.2022
1080
Sarahs etrap hassahanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ýakynda, Sarahs etrap hassahanasynda etrap häkimliginiň meýilnamasyna laýyklykda, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda «Agzybirlik — maşgala binýadynyň sütüni» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Geçirilen duşuşyga saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdy.

Duşuşykda çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maşgalanyň durmuşdaky ornuny pugtalandyrmak, türkmen halkyna gadymyýetden mahsus bolan maşgala gymmatlyklaryna eýermek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti hakdaky gürrüňe aýratyn ünsi çekdiler.