logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /SARAHS GALASYNA GEZELENÇ
  03.12.2019
1534
SARAHS GALASYNA GEZELENÇ

  Sarahs etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim bölüminiň bilelikde guramagynda şäherdäki 11-nji ýörüteleşdirilen orta mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda etrabyň çäginde ýerleşýän X-XI-nji asyra degişli gadymy Abul Fazl kümmetine we Sarahs galasyna gezelenç guraldy. Türkmenistan rowaçlygyň Watany ýylyna bagyşlanyp guralan gezelenjiň dowamynda okuwçylar bu täsin ýerleriň taryhy bilen giňden tanyşmaga   mümkinçilik aldylar. Olar gadymy Abul Fazl kümmetiniň döreýiş taryhy  we Sarahs galasynda gazuw – agtaryş, gözleg işleriniň alnyp barlyşy dogrusunda täsirli gürrüňleriň şaýady boldylar. Okuwçylar  bu ýeriň täsinlikleri dogrusunda beren sowallaryna anyk jogap aldylar.Ýurdymyzyň geçmiş taryhyny halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, medenýetini içgin öwrenmeklige giň mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadagymyzyň adyna  çykyşlaryň dowamynda alkyşly sözleri beýan etdiler.