logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /SARAHSLY PAGTAÇYLARYŇ ÜSTÜNLIGI
  07.11.2019
1042
SARAHSLY PAGTAÇYLARYŇ ÜSTÜNLIGI

    Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň zähmetsöýer babadaýhanlary “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylyny pagtaçylykda ajaýyp zähmet üstünligine beslediler. Olar Hasyl toýunyň öňüsyrasynda döwlete pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamasyna abraý bilen hötde geldiler.

     Etrabyň pagtaçylarynyň üstümizdäki ýylda 15 müň 300 gektarda gowaçanyň bereketli hasylyny ýetişdirendigini, ondan 27 müň 800  tonnadan gowrak “ak altyny” ýygnandygyny we Watanymyzyň pagta harmanyna tabşyryp,  nobatdaky belent sepgidi eýeländigini bellemek gerek. Etrabyň oba zähmetkeşleriniň umumy üstünligine “Bugdaýly”, “Bereket”, Aşyr Tekäýew adyndaky, Oraz Salyr adyndaky daýhan bileşikleriniň hasyl ussatlarynyň goşandynyň saldamly bolandygyny bellemek gerek. Pagta ýygymy möwsümine ähli taraplaýyn guramaçylykly girişen “Bugdaýly” daýhan birleşiginiň pagtaçylarynyň nusgalyk göreldesi aýratyn agzalmaga mynasypdyr. Hojalygyň ekerançylyk meýdanlarynyň 550 gektarynda kemala getiren hasyly öz wagtynda, ýitgisiz ýygnamakda zerur tagallalar edilip, ähli mümkinçilikler bu möhüm işe gönükdirildi. Sazlaşykly alnyp barlan işleriň netijesinde hojalygyň pagtaçy kärendeçileri 1 müň 59 tonnadan gowrak hasyly harmana goşmak bilen, etrapda ilkinji bolup, öňde goýlan wezipä hötde geldiler, şeýle-de olar artdyrylan hasylyň hasabyna zähmet üstünligini has-da berkitmegi gazandylar. Bu hojalygyň zähmet göreldesine “Bereket” daýhan birleşiginiň ýer eýeleri hem eýerdiler. Olar “ak altynyň” 5 müň 387 tonnadan gowragyny taýýarlap, ilkinjileriň hatarynda arzyly sepgide ýetdiler.