Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Sarahysyň ýadygärligi Injirli gala
  20.02.2020
763
Sarahysyň ýadygärligi Injirli gala

     Injirli gala ýadygärligi IX-XIII asyra degişlidir. Kuwwatly orta asyr galasy bolan Injirli gala barmasy kyn bolan daglyk ýerde üç döwletiň  Türkmenistan, Eýaran, Owganystan ýurtlarynyň serhediniň birigýän ýerinde, Sarahsdan 96,5 km günortada ýerleşýär. Galanyň ähli tarapy çukur, jar dag kertleri bilen gurşalandyr. Galanyň ölçegi 420x70m-e deň bolup, güdogardan günbatara tarap ýaýlyp, gaýanyň tebigy ýagdaýyndan ussatlyk bilen peýdalanyp gurlandyr. Galanyň daşky diwarlary tebigy dag daşlary bilen örülipdir.

      Bu galanyň ýeke-täk girelgesi gaýanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşip, onuň iki tarapky diwarlary daşdan berkidilen. Içinde 3 gektardan gowrak meýdanda tertipsiz ýerleşen ululy-kiçili jaýlar ýasy dag daşlaryndan salnypdyr. Jaýlaryň köpüsi bir otagly, köp otaglylary hem bar. Olaryň gapdalynda çaklaň howlujyklar bolup, aralaryny darajyk köçeler kesip geçýär. Gurluşyk işlerinde diňe dag daşlary peýdalanypdyr. Jaýlaryň gapylarynyň we penjireleriniň üstleri hem ýasy uzyn daşlar bilen örtülipdir. Otaglar dörtburç peçler, ojaklar bilen ýyladylypdyr.

       Galanyň demirgazyk-gündogar tarapynda suw desgasynyň bendiň galyndylary bar. Bu ýerde ilat hemişelik ýaşapdyr. Muňa galanyň berk beýik diwarlary, metjit, golaýdaky jülgäniň düýbündäki öňi bentli çeşme, gonamçylyk şaýatly edýärler. Aşakda Injirli adyny alan çeşme akyp ýatyr. Gala orta asyrlarda Bathyzyň ägirt uly çarwa taýpalary tarapyndan gurlan bolmaly. Gala senesi boýunça ösen orta asyra degişli bolup, ylymy-gözleg işleriniň dowamynda bu ýerden XV asyra degişli küýzegärçilik önümleri hem tapyldy. Bu bolsa has giçki döwürlerde hem galada ýaşaýşyň dowam edendigini subut edýär.

     Gala orta asyr ýadygärligi hökmünde 1978-1979-njy ýyllarda T.N.Iwanow tarapyndan öwrenilip, ylma girizildi. Bu ýerde 1993-nji ýylda arheolog T.Hojanyýazowyň ýolbaşçylygynda “Köne Sarahs”  TMDG-niň ylmy gözleg topary tarapyndan ölçeg işleri geçirili.

        Galanyň ini 74m, uzynlygy bolsa 420 metr, tutýan meýdany 3629 inedördül metre, gorag meýdany 3,6 ga deňdir. Galanyň gündogar böleginde dörtburçluk görnüşinde metjit gurlupdyr. Onuň taraplary 11,35-11,35 metre barabar bolup, ortasynda ýerleşen dört sütüni arkaly metjidiň ähli tutýan meýdany 9 sany deň bölege bölünipdir. Onuň diwarlary, sütünleri esasan, dag daşlaryndan hem-de daş tarapy bir hatar bişen kerpiçden timarlanyp, genç palçygy bilen örülipdir.