logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Sary garpyzyñ peýdasy
  21.05.2022
1741
Sary garpyzyñ peýdasy

      Sary garpyzyñ peýdaly aýratynlyklary: Sary garpyz örän peýdaly bakja ekini bolup onuñ düzümi gyzyl garpyzdan  köp tapawutlanýar.  Onuñ düzüminde esasan A, B1, B2, B5, B6, B9, E, C, PP witaminleri köp saklanýar. Garpyzyñ bir diliminde  ortaça 0 g ýag, 11 g uglewod, 1 g süýüm öz içine alýar we adama gündelik zerur bolan A witamininiň 17% -ini, C witaminiň 21% -ini üpjün edýär. Mundan başga-da  kalsiý, kaliý, magniý, demir, natriý, fosfor ýaly birnäçe peýdaly elementleri saklaýar.  Ol immun ulgamyna oňyn täsir edýär  we  ýokançly kesellere , wiruslara garşy göreşýär.  Sary garpyz bedeni arassalaýjy önüm bolup, ol kabul edilende aşgazandan we içegeden zyýanly birleşmeleri aýyrmaga ukyplydyr.Garpyzda A witaminiň köp bolmagy sebäpli ol görüşe peýdaly täsir edýär we göz keselleriniň öňüni almaga kömek edýär. Kalsiniň bolsa adamyñ dyrnaklaryna, saçlaryna we süňklerine peýdaly täsiri bar.  Demir, magniý we kaliýiň köp bolmagy ýürege we gan damarlaryna gowy täsir edýär, ganazlyk howpuny peseldýär. Sary garpyz, berhiz saklaýan adamlar üçin hem peýdaly, sebäbi düzüminde az kaloriýa bar, ýöne örän ýokumly. Artykmaç agram bilen göreşýän adamlar  üçin hem peýdaly önüm hasaplanýar.

Şemşat Nuryýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyñ talyby