Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Saryja goýny – halkymyzyň milli gymmatlygy
  09.03.2023
1024
Saryja goýny – halkymyzyň milli gymmatlygy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga we olary ylmy esasda öwrenip ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Eziz ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň möhüm ugry bolan maldarçylyk pudagynda hem ýetilýän sepgitler ösüşleri nazarlaýar. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda mal­dar­la­ry­myz üçin bir­nä­çe ýe­ňil­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi, ola­ra döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan ýe­ňil­lik­li karz­la­ryň be­ril­me­gi, zerur bolan suw çeş­me­le­ri­ bilen bagly müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi ak ba­zar­la­ry­myz­da mal­dar­çy­lyk önüm­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri­niň bol­çu­ly­gy­ny üp­jün etmegiň kepili bolup durýar. Bu bolsa maldarçylyk pudagynyň döwrebap ösdürilmegine, milli tejribelere we dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlaryna esaslanyp olaryň önümliligini ýokarlandyrmaga giň şertler döredilýär. Türkmen halkymyzyň milli gymmatlygy bolan saryja goýunlaryň baş sanyny artdyrmak we nesil goruny gorap saklamak, olardan alynýan ýüň, et-ýag önümliliginiň bolçulygyny döretmek ugrunda alnyp barylýan işleriň gerimi has giňeýär. Mälim bolşy ýaly, bu goýunlar waspy dünýä meşhur nepis türkmen halylaryny dokamakda gymmatly çig mal bolup, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen baýlygydyr. Häzirki wagtda saryja goýunlarynyň baş sanyny artdyrmak, olardan sagdyn owlak-guzy almak, önümliligi ýokarlandyrmak gös-göni tohumçylyk işlerine bagly bolup, onuň esasy maksady bu goýunlaryň tohumyny has-da kämilleşdirmekden, ýagny olaryň ýüň önümliligini artdyrmakdan, olaryň köpelmegini üpjün edýän oňaýly şertleri döretmekden ybarat bolup durýar. Saryja goýunlarynda tohumçylyk işini talaba laýyk alyp barmak we ýokary önüm berýän tohum mallaryň baş sanyny yzygiderli köpeltmek üçin olary gyş möwsüminde ýeterlik ot-iým bilen üpjün etmek zerurdyr. Şeýle işleriň netijeli geçirilmegi mallaryň sanynyň ýokarlanmagyna, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň has hem pugtalanmagyna şert döredýär. Halkymyzyň milli baýlygy bolan saryja goýunlarynyň baş sanyny artdyrmaga gönükdirilen asylly çäreler bu gymmatlygyň sarpasyny has-da artdyrýar. 

 

Amangeldi BERDIMYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.