logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Sarymsagyň peýdasy
  08.04.2022
2302
Sarymsagyň peýdasy

Sarymsak gadymy döwürlerden bäri saglyga peýdasy bilen tanalýan we köplenç saglygy berkitmek üçin ulanylýan ösümlikleriň biridir. Adamlaryň arasynda tebigy antibiotik diýlip atlandyrylýan sarymsagyň oňyn täsirleri sanamak bilen gutarmaýar. Antibakterial häsiýetleri sebäpli sarymsak bedeni ýokançlyklardan goraýar. Sarymsak, esasanam gyşda sowuklamanyň öňüni almakda we keselleri bejermekde örän täsirlidir.

Sarymsagyň watany Merkezi Aziýa hasaplanylýar. Onuň dünýäde 700 görnüşi duş gelýär. Saglyk üçin örän peýdaly bolan bu iýmit köplenç dürli-dürli tagamlarda ulanylýar.

Ýürek-damar keselleri, rak we süýji keseli ýaly köp kesellere oňyn täsir edýändigi sebäpli, sarymsak ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli ähli adamlar tarapyndan howpsuz iýilip bilinýän örän gymmatly ösümlikdir.

Sarymsagyň saçyň we dyrnagyň saglygyny goramak, jynsy saglygy goramak, aşa agrama gözegçiligi üpjün etmek ýaly dowamly kesellerden goramak ýaly köp ugurlarda peýdasy bar. Bu artykmaçlyklardan peýdalanmak üçin sarymsagy bişirilen naharyň ýanyndan iýmek maslahat berilýär.

Sarymsagyň düzüminde kalsiý, kükürt, E, C, B toparyndaky witaminler, selen ýaly birnäçe peýdaly elementler bar. Sarymsak biziň eýýamymyzdan öň hem gündogar we günbatar lukmançylygynda saglygy bejermek üçin esasy ösümlikleriň biri bolupdyr.

Gözel HANMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.