logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Science and Education /Sarymsagyň saglyga peýdasy
  30.11.2020
1561
Sarymsagyň saglyga peýdasy

      Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyklykda geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti repirator keselleriniň öňüni almak maksady bilen pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmak zerur bolup durýar.

        Ýokanç kesellerden goranmak üçin sanitariýa-arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek bilen bir hatarda keselleriň öňüni almak maksady bilen milli tagamlarymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy, sarymsagy iýmek maslahat berilýär.

        Ýurdumyzyň howa şertleri sarymsagy ösdürip ýetişdirmek üçin örän amatlydyr. Sarymsagyň iýmitlik we kesel bejerijilik häsiýetleri adamlara gadym zamanlardan bäri mälim bolupdyr. Özüne mahsus hoşboý ysy we tagamy bolan sarymsak ter görnüşinde şöhlat hem-de konserwa önümçiliginde giňden peýdalanylýar.

        Kesel bejerijilik häsiýetine eýe bolan sarymsagyň düzüminde demir maddasy köp bolup, ýurdumyzda onuň esasan, ýerli ak sarymsak, melewşe sarymsak ýaly birnäçe görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. 

        Dermanlyk häsiýetine eýe bolan sarymsagy iýmit hökmünde şeýle-de sanitariýa-arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmekde kesel dörediji bakteriýalary ýok etmekde giňden peýdalanmak maslahat berilýär.