logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Şaşka boýunça ýaryş geçirildi
  18.01.2024
785
Şaşka boýunça ýaryş geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän ynamyny ödemek, ylymly, bilim, zehinli ýaşlary ösdürip ýetişdirmek maksady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda sport, zehin bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň biri-de ýakynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň başlanmagy mynasybetli Tejen etrap bilim bölüminiň gurnamagynda etrabyň 41-nji orta mekdebinde  ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda şaşka boýunça  geçirildi.

 

 

Bu ýaryşa etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary gatnaşyp, olar özara bäsleşdiler. Birnäçe gyzykly pursada baý bolan  bäsleşigiň ahyrynda emin agzalaryň gelen netijesi boýunça 1-nji orny 23-nji orta mekdebiň topary eýelemegi başardylar. Şeýlelikde 2-nji orny 41-nji mekdep, 3-nji orny bolsa 33-nji mekdebiň okuwçylary eýelemegi başardylar.

        

 

Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara hormat haty we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

 

Arslan Orazliýew,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Tejen etrap Geňeşiniň işgäri.