logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Şatlyga beslenen dabara
  22.10.2020
811
Şatlyga beslenen dabara

     Ýaňy-ýakynda TGM-niň Tejen garnizonynda harby wekilleriň hem-de garnizonyň terbiýeçilik ulgamynyň serkerdeleriniň ýolbaşçylyk etmeginde Tejen şäher medeniýet öýünde ýaşuly nesliň, jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda harby borja we harby kasama wepaly bolup, ak ýürekden birkemsiz gulluk edip, söweşjeň we gumanitar taýýarlygyny özleşdiren harby hünäri şeýle hem harby tälimi ele alyp, gulluk möhleti dolýan çagyryş boýunça harby gullukçylary ätiýaçlyga ugradyş dabarasy bolup geçdi. Dabaranyň dowamynda harby gullukda tapawutlanan harby gullukçylara hormat haty we ýadigärlik sowgatlary gowşurylyş dabarasy aýdym-saza beslendi hem-de täze harby gulluga çagyryljak raýatlarda Watany söýmek ony gözüň göreji ýaly goramak mukaddes borçdygy barada olarda uly täsir galdyrdy.

      Şeýle hem çäräniň dowamynda «Harby gulluk tamamlansada Watana gulluk tamamlanmaýar, şonuň üçinde esger hakyky Watan ogly bolmalydyr» diýen ajaýyp şygaryndan ugur alyp, watany, ene topragy goramakda elmydama hüşgär durmalydygy barada çärä gatnaşyjylar uly buýsanç bilen belläp, harby gullugy geçmek üçin ähli mümkinçilikleriň göz öňünde tutulandygyny dabarada çykyş edenler aýdyp geçdiler.