logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Şatlyga beslenýän «Awaza»
  04.07.2026
228
Şatlyga beslenýän «Awaza»

Hazar deňziniň türkmen kenaryny bezäp oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäki dynç alyş-sagaldyş merkezlerinden tapawutly tarapy deňiz ýakasynda ýerleşýänligidir. Şu günlerde hem bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden gelýän raýatlar sapaly dynç alýarlar.

 

Şeýle owadan künjekdäki myhmanhanalar, dynç alyş üçin gurlan binalar toplumlary, sagaldyş merkezleri hem-de «Awaza» şypahanasy bu ýere wagtlaryny peýdaly, şadyýan geçirmäge, saglygyny dikeltmäge gelýän raýatlary mähir bilen garşylap, olaryň arzyly isleglerine görä ajaýyp hyzmatlary bitirýärler. Ýaş nesillerimiz bolan çagajyklaryň arasynda guralýan zehin, döredijilik bäsleşikleriniň, medeni-sport çäreleriň, şadyýan oýunlaryň, gezelençleriň şowhuny hem zolagyň çar künjinde giňden ýaýbaňlanýar.

 

Şular ýaly täsirli çäreler ýurdumyzyň sebitlerine degişli bolan Awazadaky «Ahal», «Balkan», «Daşoguz», «Lebap», «Mary» sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde-de giň gerimde dowam etdirilip, ol oňa gatnaşanlara ýakymly ýatlamalary bagyşlaýar. Dürli dabaralardyr çäreler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Arzuw» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Myhmanlar Awazada döredilen ajaýyp mümkinçilikler, üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdýarlar.