logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Economics /ŞATLYK-ŞOWHUNA BESLENDI
  18.09.2019
960
ŞATLYK-ŞOWHUNA BESLENDI

   Ahal welaýatynda Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni dabaraly bellenilip geçildi. Bu sene mynasybetli Änew şäheriniň merkezi seýilgähinde welaýat derejesinde geçirilen dabara has köp adamly boldy. Ony welaýat häkimligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi bilelikde gurady.

    Dabarada baýramçylyk gutlaglary aýdyldy. Çykyş edenler Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününiň bilelikde uludan toýlanylmagynyň ähmiýetini bellediler hem-de täze taryhy döwrümizde bu ulgamlarda  guwandyryjy üstünlikleriň gazanylýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleri ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar. Bu bolsa, ata Watanymyzyň günsaýyn gülläp ösmegine özboluşly itergi bolýar.

     Gutlag sözlerinden soňra, toýuň arzyly myhmanlaryna — gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudagynyň öňdebaryjy işgärleriniň uly toparyna baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi dabara baý many öwüşgin çaýyp, seýilgähiň toý ruhubelentligini belende göterdi. Esasy sahnada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar göwün göteriji häsiýeti bilen, ol ýere ýygnananlaryň kalbyny heýjana getirdi.

   Welaýatyň Medeniýet müdirliginiň we etraplaryň medeniýet merkezleriniň aýdym-saz, tans-halk döredijilik toparlarynyň hoş owazly çykyşlarynda bagtyýar döwrümiziň, ata Watanymyzyň, Arkadag Prezidentimiziň tutumly işleriniň, zähmet adamlarynyň  waspy öz beýanyny tapdy. Şatlyk-şowhunly, joşgunly çykyşlaryň her biri dowamly elçarpmalar bilen garşylandy.