logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Şatlyk-şowhuna beslendi
  06.09.2022
725
Şatlyk-şowhuna beslendi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen daýhanyna döredijilikli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, bolelin durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Ahal welaýatynyň kärendeçi daýhanlary hem «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny üstünliklere beslemek maksady bilen esasy önümleriň biri bolan ak pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler.  

 

 

Şu ýylyň 2-nji sentýabrynda Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky Mejlisinde 7-nji senýabrda pagta ýygymyny başlamaga ak pata berdi we il sylagly hormatly ýaşulularymyzdan pagta ýygymyna “Bissimilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Şu mynasybetli hem Tejen etrabynyň «Altyn asyr» pagta arassalaýjy kärhanasynda «Ak kerwen» atly dabara geçirildi. Bu dabara il-sylagly hormatly ýaşulylar, mährem eneler, oba-hojalyk pudagynda zähmet çekýän zähmetkeşler, ýygymçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan joşgunly aýdym-sazly çykyşlary bu ýere gelenlerde ýakymly duýgulary döretdi. Toý meýdançasyndaky gurnalan giň göwrümli sergi, dabara gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.

 

 

Gulmuhammet SÄHEDOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň
başlygy.