logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Interesting /Saud Arabystany beýikligi 2 kilometrlik täze binany gurmagy meýilleşdirýär
  10.03.2024
594
Saud Arabystany beýikligi 2 kilometrlik täze binany gurmagy meýilleşdirýär

Binagärlik gullugy bolan “Foster + Partners” şereketi dünýäniň iň beýik 2 kilometrlik binasyny gurmagy meýilleşdirýär we bu taslamanyň üstünde işleýär. Riýadda (Saud Arabystanynyň paýtagty) ýerleşjek bu bina häzirki rekord eýesiniň beýikliginden iki esse uly bolar.

 

 

Dünýäde iň beýik binany döretmek taslamasy Saud Arabystanynyň döwlet maýa goýum gaznasy (PIF) tarapyndan eýýäm goldanyldy.

 

 

Gyzykly tarapy, täze taslama hatda 1000 metr beýiklikde Jidda şäheriniň (Saud Arabystany) şäheriniň golaýynda gurulýan Jidda diňinden hem has ýokary bolar.

 

 

Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagtda dünýäniň iň beýik binasy 2010-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda Dubaýda açylan 828 metr bolan Burj Halifa binasydyr. Bu bina 160 gatdan ybarat.

 

Çeper NURMÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.