logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Saýlaw möwsümi dowam edýär: dalaşgärleri hödürlemek tapgyry işjeň alnyp barylýar
  15.02.2026
274
Saýlaw möwsümi dowam edýär: dalaşgärleri hödürlemek tapgyry işjeň alnyp barylýar

Ýurdumyzda 29-njy martda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleri dowam edýär. Bu gezek täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalary, Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlanjaklar, şeýle hem welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalary saýlanar. Kanunçylyga laýyklykda, dalaşgärleri syýasy partiýalar we raýatlar toparlary hödürleýärler. Mejlisiň deputatlygyna 25 ýaşyny dolduran we soňky on ýylda ýurtda hemişelik ýaşan raýatlar, ýerli wekilçilikli edaralara bolsa 21 ýaşyny dolduran degişli çäkde ýaşaýan raýatlar dalaşgär bolup bilerler. Ýygnaklarda jemgyýetde abraý gazanan, hünär taýdan taýýarlykly we guramaçylyk ukyby bolan raýatlar hödürlenilýär. Her saýlaw okrugynda birnäçe dalaşgäriň görkezilmegi saýlawlaryň açyklyk we bäsdeşlik ýörelgelerine laýyklykda geçiriljekdigini görkezýär. Öňde boljak saýlawlaryň döwletde alnyp barylýan özgertmeleriň dowamlylygyny üpjün etjekdigi hem-de demokratik ýörelgeleriň ösdürilmegine hyzmat etjekdigi bellenilýär.

Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi öz web sahypasynda beýan edipdir.