logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Saýlawçylaryň 7 göterimi wagtyndan ozal ses berdiler
  11.03.2022
732
Saýlawçylaryň 7 göterimi wagtyndan ozal ses berdiler

12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna saýlawçylaryň 7 göterimi dürli sebäplere görä wagtyndan ses berdiler. Saýlawçylaryň dolduran býulletenleri ýörite möhürlenen gutularda sesleri sanamak pursadyna çenli saklanar.

Saýlawlara daşary ýurtlardan we birnäçe halkara guramalardan, şol sanda GDA-dan, ŞHG-den, ÝHHG-den we Türki Döwletleriň Guramasyndan synçylar çagyryldy. Olara saýlawlaryň barşyna syn etmek üçin mümkinçilikler döredildi.

Belläp geçsek, şu gün ýagny 11-nji martda, ýarygije hereket edýän saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça wagyz ediş tapgyry tamamlanar.

12-nji martda, şenbe güni bolsa sagat 07:00-dan 19:00-a çenli ähli saýlaw uçastoklarynda ses berler we onuň dowamynda türkmen döwletiniň Baştutany saýlanar.