logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Saýlawlar guramaçylykly geçirildi
  27.03.2023
929
Saýlawlar guramaçylykly geçirildi

26-njy martda, Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Saýlawlar giň bäsdeşlik, demokratiýa we aýanlyk ýörelgeleri esasynda geçirildi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň beren maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryň saýlawlary boýunça sagat 19:00-a çenli saýlawçylaryň 91,12% ses berdi.

Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 91,74%, Balkan welaýatynda 91,49%, Daşoguz welaýatynda 90,94%, Lebap welaýatynda 91,17%, Mary welaýatynda 90,87%, Aşgabat şäherinde 90,91% ses berdiler.

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 91,10% ses berdi.

Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 91,74%, Balkan welaýatynda 91,49%, Daşoguz welaýatynda 90,94%, Lebap welaýatynda 91,17%, Mary welaýatynda 90,87%, Aşgabat şäherinde 90,78% ses berdiler.

Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 91,20% ses berdi.

Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 91,74%, Balkan welaýatynda 91,71%, Daşoguz welaýatynda 90,85%, Lebap welaýatynda 91,32%, Mary welaýatynda 90,94% ses berdiler.