logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Interesting /Saz diňlemegiň peýdasy
  20.02.2023
1285
Saz diňlemegiň peýdasy

Saz diňlemek ynsanyň ruhuny göterýär. Alymlaryň ençeme geçiren barlaglarynyň netijesinden soňra, saz diňlemegiň ynsany fiziki we ruhy taýdan  sagdynlaşdyrýar. Saz diňlemek uky bozulmalaryna, gaýgy, nerwi ulgamyna, beden we beýni rahatsyzlygyna oňaýly täsir edýär.

Geçirilen barlaglaryň netijesinde, saz diňlemek düwnük keseliniň agyrylaryna gowy täsirini ýetirýänligi anyklandy. Başga bir barlagda bolsa, ýaşy uly, gartaşan adamlara, beden näsazlygyndaky adamlara saz diňlemek bilen agyrlarynyň gowşaýandygyna göz ýetiripdirler.

Saz diňläp naharlanan adam artykmaç iýmitlenmeýär we iýýän tagamy has-da lezzetli bolýar. Bedene bolsa, az mukdarda kaloriýa barýandygy anyklandy. Eger-de bedeniňiziň agramyny peseltmek isleseňiz, naharlanan pursadyňyzda saz diňläp bilersiňiz. Saz diňlemek  ukusyzlyga garşy ilkinji ýardamçydyr. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, ýatmazdan 45 minut öň klassiki sazlary diňleýän talyplaryň, sesli kitap diňleýänlerden has rahat uky alyp, ertirlerine işjeň ýagdaýda oýanýandyklary anyklandy.

Saz diňlemek we saz gurallary arkaly saz çalmak adamyň nerwi ulgamyny kadalaşdyrýar. Nerwi ulgamynyň işi bozulan ýagdaýynda, saz diňlenilse, adama rahatlyk bermek bilen birlikde, nerwi ulgamynda dörejek dürli keselleriniň hem öňüni alar. Ulag dolandyrýan pursadyňyzda aýdym diňlemegi däl-de saz diňlemegi saýlasaňyz, siz seresaply we has ünsli bolarsyňyz. Islendik adam ulagy dolandyran pursadynda, saz diňlese özüne bolan ynamy, ünslüligi artar. 

 

Osman GAPUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.