Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Saz gurallary hakynda täsirli faktlar
  11.01.2023
1745
Saz gurallary hakynda täsirli faktlar

- Meşhur saksofonçy Ç.Parker ýiti aýdym-saz zehini bolan sazandaçy bolupdyr. Onuň bu meşhurlygy hatda ABŞ-nyň iň garyp maşgalalarynyň hem öz çagalary üçin saksofon satyn almaklyga ýykgyn etmeklerine sebäp bolupdyr. Çünki olar bu guralyň öz çagalaryna durmuşda üstünlige ýol açjakdygyna ynanypdyrlar.

- Dünýädäki iň gymmat tüýdük 1939-njy ýylda sap platinadan ýasalan tüýdükdir.

- Dünýädäki iň gadymy saz guraly arheologlar tarapyndan tapylan turba şekilli tüýdük bolup, onuň ýaşy 40 müň ýyla barabardyr. Bu tapyndy gadymy adamalaryň hem aýdym-saz bilen gyzyklanandyklaryny hem-de ýerine ýetirmegi-de başarandyklaryny görkezýär.

- Dünýäniň iň agyr saz guraly köpleriň pikir edişi ýaly organ saz guraly däl-de, karilondyr. Karilon saz guraly belli bir tertipde düzülen dürli ululykdaky 23 sany jaňdan ybaratdyr. Iň agyr karilon New-Ýorkda ýerleşýär we onuň agramy 91 tonna deňdir.

- Uly göwrümli saz gurallarynyň biri-de organ saz guraly bolup, iň ulusy ABŞ-nyň Atlanta şäheriniň «Borduok» konsert zalynda ýerleşýär. Jemi 33112 turbadan ybarat bolan bu organ iň uly howa basyşyna eýe bolup, Ginnesiň rekordlar kitabyna «dünýädäki iň güýçli saz guraly» hökmünde girizildi.

- Iň ýönekeý saz gurallarynyň biri Aziýada birnäçe müň ýyl ozal peýda bolan ýönekeý çarçuwaly arfa saz guralydyr.

- Depregiň sesi gündiz takmynan 8 km, gijesine bolsa 11 km aralykdan eşidilýär. Gadymy döwürlerden bäri bu gural möhüm maglumatlary, ýagny duşman hüjümlerini uzak aralykdan öňünden duýmaga ýardam beripdir.

- Öwrenmeklik iň kyn bolan saz guraly 1920-nji ýylda L.Termen tarapyndan oýlanyp tapylan termenwoks saz guraly hasaplanylýar.

- Iň giň ýaýran saz guraly gitaradyr. Arheologiki tapyndylar we ýyl ýazgylary ilkinji gitaralaryň takmynan 4 müň ýyl ozal peýda bolandygyny görkezýär. XX asyrda ilkinji elektrik gitaranyň oýlanyp tapylmagy bilen gitaranyň meşhurlygy has-da artdy.

- Ybadathana jaňlarynyň owadan sesini aňladýan «malina jaňy» öz gözbaşyny Belgiýanyň Malina şäherinden alýar. Çünki XVII asyrda bu şäher jaň ýasalýan merkez bolupdyr.

- XVI asyrda gitara saz guraly ýaý bilen çalnypdyr.
 

 

Oguljan ÝUSUPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.