logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Nature /Sazak ekişine badalga berildi
  17.02.2023
1295
Sazak ekişine badalga berildi

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda ýakynda geçirilen ylmy-tehniki maslahat sazak tohumynyň ekilişiniň agrotehniki kadalaryna bagyşlandy. Ekiş ir baharda fewral-mart aýlarynda we güýzde noýabr-dekabr aýlarynda geçirilýär. Ekişe taýýarlanylan ýerlerde joýa çekilip, tohumlar joýanyň içine 1-2 santimetr çuňlukda ekilýär. Ekilen tohumlar 1,5-2 aýyň dowamynda gögerýär.

Gögeren nahallara suw, organiki we mineral dökünler berlip, ideg işinde agrotehnikanyň talaplary berjaý edilýär. Ösdürilip ýetişdirilen 3 ýyllyk nahallar meýdanlara çykarylyp oturdylýar. Goraghana işgärleri ekilen nahallary gözegçilikde saklap, ýangyndan, mal bakylyp zaýalanmagyndan goraýarlar, olaryň endigan ösüp ulalmagy ugrunda alada edýärler.