logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Sebitde 54 ýylyň iň sowuk güni boldy! Temperatura – 53
  24.01.2023
993
Sebitde 54 ýylyň iň sowuk güni boldy! Temperatura – 53

Hytaýyň demirgazygyndaky Heilongjiang sebitine degişli bolan Mohe şäherinde soňky 54 ýylyň iň sowuk güni boldy. Ol ýerde howanyň temperaturasy – 53 gradusa çenli peseldi.

«BBC»-niň habaryna görä, ýurduň demirgazygynda, Russiýa bilen serhetleşýän Mohe şäherinde ýerli wagt bilen 22-nji ýanwarda sagat 07:00-da howanyň temperaturasy – 53 gradus diýlip ölçenildi.

Şeýle güýçli aýaz we sowuk howa mundan öň Mohe şäherinde 1969-njy ýylda boldy. Şol wagt howanyň temperaturasy – 52 gradus diýlip ölçenildi.

Hytaýyň iň sowuk sebiti hökmünde görkezilen we ýurduň Demirgazyk polýusy diýlip atlandyrylýan Mohe şäherinde gyş möwsümi adatça 8 aý dowam edýär. Muňa garamazdan bu şäher syýahatçylaryň esasy üns merkezinde bolup durýar.  

 

Begenç EREŞOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.