Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦ ✦ Türkmenistanda maldarçylygyň ekologiýa taýdan durnuklylygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly iňlis dili bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen talyplary nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadada üstünlik gazandylar ✦ ✦ Arkadag şäherinde Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi ✦ ✦ Hytaý we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Saglyk /Şekere bolan islegi nädip ýeňmeli?
  08.05.2023
986
Şekere bolan islegi nädip ýeňmeli?

Adamzat durmuşyny şeker we şeker önümlerden daşda  göz öňüne getirip bilmeýär. Şeker adamyň immun ulgamyny güýçlendirýär, bedende energiýa üpjünçiligini ýokarlandyrýar. Ýöne ony çenden aşa iýmeklik  dürli hili keselleriň döremegine sebäp bolup biler.  

Şekere bolan islegi nädip ýeňmeli? 

Az  kemden mukdaryny azaltmaly. 

Meselem adatça çaýymyza guýýan iki çemçe şekerimizi bir çemçe azaldyp, iýýän süýtli şokoladymyzyň deregine ajy şokoladlary iýmek bilen. Şokoladyň düzüminde kakao önümi näçe köp bolsa, onuň şekeri hem şonça azdyr. Käbir ajy şokoladlarda kakaonyň mukdary 99%-e çenli hem bolup biler.  

- Gündelik iýmitiň mukdaryny çylşyrymly uglewodlar bilen çalyşmaly.  

- Çylşyrymly uglewodlar iýmiti uzak wagt siňdirýär. Şonuň üçin köp wagtlap dok saklaýar. Çylşyrymly uglewodly önümlere däneler, nohut, gök önümler, kömelekler, otlar, miweler, tokaý miweleri degişli edilýär.  

- Sport bilen meşgullanmak.

- Yzygiderli geçirilýän fiziki hereketler stresi basýar. Ol bolsa şekere bolan islegi ýokarlandyrýan şertdir. Munuň üçin günde türgenleşik zallaryna gitmek, bolmasa-da her gün maşk etmek ýeterlikdir. 

- Gündelik iýmitiň düzümine suw bilen limony goşmak.

Bu iki peýdaly iýmitler artykmaç agramdan dynmaga kömek edip zerur bolan şeker bilen üpjün edýär.

Süýjülige bolan adaty endiklerden saplanjak bolmaly. Kän barýan süýjülik we beýleki kafelere az barjak bolmaly.

Özüňizi dok ýaly duýuň. Özüňe kän bir ajykmaz ýaly süýji zatlary küýsäp durmaz ýaly iýmit tertibini düzjek bolmaly. 

Peýdaly süýjüler. 

Hemme zat öz arasynda sazlaşykly bolmalydyr. Şonuň üçin süýjülerden hem doly derejede ýüz öwürmek dogry däldir. Gowy ýeri olaryň arasynda birneme zyýansyz süýjüleriň hem barlygydyr. Olara zefir, pastila, ajy şokolad, marmelad, ary baly, miweler, gury iýmişler we şuňa meňzeşleri bellemek gerek bolup durýar. 

 

Gözel ALTYBAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.