Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Şekillerde bedewlermiziň waspy
  01.05.2020
635
Şekillerde bedewlermiziň waspy

       Şan-şöhraty  dünýä  dolan  Türkmen  bedewiniň baýramçylygy  mynasybetli  Babadaýhan  etrap  medeniýet  merkezi  baýramçylyk  keşbine  girdi. Şekillendiriş  sungatynyň  dürli  görnüşlerinde   bedewlerimizi  wasp etmek bäsleşigine etrabyň  orta  mekdepleriniň  okuwçylaryň  80-ne golaýy gatnaşdy. Bäsleşigi etrabyň bilim,medeniýet bölümleri  hem-de  Türkmenistanyň  Demokratik  partiýasynyň  etrap komiteti  bilelikde  guradylar.

       Bäsleşigiň  açylyş  dabarasynda  gutlag  sözleri  bilen  çykyş  edenler  synaga  gatnaşyjylary  ýurdymyzda  bellenip  geçilýän  Türkmen  bedewiniň  baýramçylygy bilen mähirli gutlap hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler. Dabarada  şöhratly  atlarymyza bagyşlanyp  guralan  kitap  sergisi  ýygnananlarda  uly  gyzyklanma  döretdi. Aýratynda  serginiň  ýanynda  ,,Ganatly  bedewler,’’ “Atda Wepa-da bar, Sapa-da” aty eserleri boýunça özüne çekiji gyzykly söhbetdeşlik  guraldy.

      Şondan  soň  bäsleşige  gatnaşýan  ýaş  suratkeşler öz  döredijilik  işleriniň  üstünde  işläp  ugradylar.  Şekillendiriş   synag  döwri  tamamlandy   täze  şekilleriniň  uly  topary  taýýar edildi. Bäsleşikde birinji orna  4-nji  orta  mekdepden   Ýakupberdi     Pälwanow, ikinji  orna  2-nji  orta  mekdepden Ýusup  Çaryýew , üçünji  orna  11-nji  orta mekdepden  Serdargeldi  Pälwanow dagy mynasyp boldular. Synagda  aýratyn  tapawutlanan  suratkeşleriň  17-si ýadyrgärlik sowgatlary bilen  höweslendirildi. Ýeňijilere baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.