logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Seljuklar döwrüniň guýusy
  05.02.2021
730
Seljuklar döwrüniň guýusy

    Gadymy döwürlerde, guýylar Sarahsyň geçmişinde möhüm rol oýnapdyrlar. Bu guýular bilen ilaty we mallalary suwarmaklyga, şeýle-de ekerançylytk ýerlerini suwarmaklyga hem mejbur bolupdyrlar. Orta asyr awtorlary al-Ýakubi (891ý.), Al-Istarhi (940 ý.), Al-Makdiai (984 ý.) Sarahsda akar suwuň ýetmezçiligi agyz suwunyň hatda ekin suwuny guýylardan alýandygyny ýazypdyrlar.

          Sarahs oazisiniň gülläp ösen döwri ХI-ХII asyr degişli bolup, şol zamanda Sarahs şäheriniň tutýan meýdany has giňelipdir we gülläp ösüpdir. Oazisiň territoriýasynda ýerleşýän guýylaryň sany artypdyr. Şol zamanda Sarahsda özboluşly ussat ymaratçylar mekdebiniň bolşy ýaly, şol wagtlar ökde guýyçylaryň mekdebiniň bolandygyny hem inkär edip bolmazdygyny bellemek bolar. Şol döwre degişli guýylaryň biri hem Köne Sarahs şäher harabalygynyň şähristanyň gündogar-günorta tarapynda, Kiçiaga obasynyň ýabynyň günbatar kenarynda ýerleşýär. Guýyda deslapky barlag işi 1992-nji ýylda ”Köne Sarahs” döwlet goraghanasy tarapyndan barlag işleri geçirildi we häzirki wagtda gorag astynda saklanýar.