logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /SEMENTIŇ SYNAGY
  30.03.2023
1283
SEMENTIŇ SYNAGY

Daşoguz welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Merkezi barlaghanasynyň fiziki-himiki synag bölüminde 100-den gowrak önüme, şol sanda semente hem synag işleri alnyp barylýar. Barlaghanada döredilen oňaýly şertler we ornaşdyrylan döwrebap enjamlar synaglary talabalaýyk geçirmäge ýardam edýär. Bu ýerde, esasan, Şweýsariýanyň «METTLER TOLEDO» kompaniýasynyň öndüren «ph/Ion meter S220» ölçeg enjamyndan peýdalanylýar. Sementiň hili «TDS 751-2015» we «TDS 753-2020» döwlet standartlarynda görkezilen kadalara laýyk bolmalydyr. Barlaghanada döwletara standarta laýyklykda daşary ýurtdan getirilýän «PS500-D20-N» görnüşli sementiň, ýagny Portland sementiň düzümindäki kükürt we magniý oksidiniň agramlaýyn paýy ýüze çykarylýar.

Düzümindäki kükürt oksidiniň agramlaýyn paýy kesgitlenende, sement duz kislotasynda (HCl) eredilip, oňa bariý hloridiniň ergini (BaCl2 2H2O) goşulýar we çökündi emele gelýär. Erginiň pH görkezijisi 1-1.5 aralykda bolmaly. Bu görkeziji ýokarda ady agzalan enjamyň kömegi bilen anyklanýar. Soňra sementli ergin 12-24 sagatlap 600C-den ýokary bolmadyk temperaturada saklanýar. Şondan soň ony kagyz süzgüjinden geçirip, çökündili kagyz süzgüji 925±250C temperaturada ýakmaly. Çykan netije kadalaşdyryjy resminamada görkezilen formula boýunça hasaplanyp, kükürt oksidiniň agramlaýyn paýy anyklanýar.

Düzümindäki magniý oksidiniň agramlaýyn paýyny kesgitlemek üçin, sement ammoniý hloridi (NH4Cl) bilen garylyp, duz kislotasynda (HCl) eredilýär. Oňa 10 damja azot kislotasy (HNO3) goşulyp, 30 minut gaýnadylýar. Soňra ol iri kagyz filtrinden ölçeg kolbasyna süzülýär. Ölçeg kolbasyndaky sement ergininiň pH görkezijisi 10.5 bolmaly. Sement ergini «EDTU» standart ergini bilen täsirleşdirilip, sarp edilen EDTU standartyň göwrümi ölçenýär. Has takygy, sement ergini bulgura geçirilýär. Býuretka (suwuklygyň belli bir mukdaryny ölçemek üçin derejelere bölünen turbajyk)  «0» belgä çenli «EDTU» ergini bilen doldurylýar. Soňra sement ergini melewşe reňkden gülgüne reňke geçýänçä, oňa býuretkadan ergin damdyrylýar. Harçlanan standart erginiň göwrümi bellenýär we kadalaşdyryjy resminamada görkezilen formula boýunça magniý oksidiniň agramlaýyn paýy hasaplanýar. Synaglarda himiki taýdan arassa we ýörite synag üçin niýetlenen  himiki serişdeler ulanylýar. Olaryň harçlanan mukdarynyň hasabaty ýöredilýär. 

 

Akmyrat  SAPAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.