logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Poetry /Sen türkmen enesi, türkmen käbäsi
  16.05.2020
968
Sen türkmen enesi, türkmen käbäsi

Il ogluny il bagtyna getiren,

Sen türkmen enesi, türkmen käbäsi.

Watanyň gerçegin golda göteren

Sen türkmen enesi, türkmen käbäsi.

 

Belentde parlaýar türkmen tugrasy,

Bäş welaýat jemdir dogan barysy,

Halkyna il ogluny beren, halkyň seresi,

Sen türkmen enesi, türkmen käbäsi.

 

Türkmeniň bagtyna gelendir gerçek,

Bagtyýardyr şu gün, nurlydyr geljek,

Enelik söýgüni äleme berjek,

Sen türkmen enesi, türkmen käbäsi.

 

Edebiň naýbaşyn paýhasyň çuňun,

Perzendine geren päk mähir çogyň,

Diýaryma beren gül bagtyň çagyn,

Sen türkmen enesi, türkmen käbäsi.