Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Senagat taýdan ähmiýetli seýrek duşýan ozokerit barada
  15.02.2023
900
Senagat taýdan ähmiýetli seýrek duşýan ozokerit barada

Ozokerit – bu, esasan, gaty alkanlardan (С37-den С53-e çenli) duran mineral. Onuň düzüminde suwuk ýaglar we mumlar bar. Ol gaty, döwlegen ýa-da ýagjymak massa bolup, onuň reňki açyk sarydan gara reňke çenli üýtgeýär, kähalatlarda bolsa ýaşylymtyl reňkli görnüşleri hem gabat gelýär.

Ozokerit ýokary parafinli nebitleriň we agyr gaz kondensatlarynyň differensasiýasynyň netijesinde emele gelýär. Ozokeritiň uly känleri Günbatar Türkmenistandan başga-da, Özbegistanyň Fergana welaýatyndaky, Ukrainanyň Karpat dag etegindäki, esasan, alp gatlaklylygy öz içine alýan sebitler bilen baglydyr. Ozokeritiň ýataklarynyň ýerleşýän ýerleri bilen baglylykda onuň nebitdakyl, gumbed, baýkerit, marga, bagga, kindebal diýen ýaly atlary bar. Ozokerit süýümli, mermer şekilli bolýar. Ozokerit çig malyna dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Ozokerit mineral madda, nebitiň önümi bolup, gymmat bahaly we seýrek duş gelýän peýdaly magdanlara degişlidir.

Ozokeritiň dünýä ýüzünde azsanly senagat ähmiýetli ýataklary bellidir. Bu magdanyň Türkmenistandaky senagat taýdan ähmiýetli ýataklary Çeleken ýarymadasynda jemlenendir. Ozokeritiň Türkmenistandaky esasy çeşmeleri ýurdumyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýär. Ol ýerde birnäçe, ýagny Dagajyk, Gorab, Aýmen-Meşed, Miut, Sürenje, Aligul ýaly ýataklary bar. Bar bolan maglumatlara görä, ol ýataklar GDA ýurtlarynyň ähli gorlarynyň 40 göteriminden gowragyny tutýar. Dag jynslarynyň ozokeritli damarlary Nebitdagda, Boýadagda we Goturdepede bar.

Gatlaklarda ýatyşynyň häsiýeti boýunça gatlak görnüşli we damar görnüşli ozokerit ýataklaryna bölünýär. Ýataklaryň birinji görnüşinde çägedaşly gatlaklar çäge däneleriniň daşyny örtýän (gurşaýan) we az-kem däneleriň arasyndaky boşluklary doldurýan ozokerit bilen doýgun halda bolýar. Senagat ähmiýetli gatlaklardaky ozokeritiň mukdary 2-4 göterime, kämahal 16 göterime çenli ýetýär. Ýatagyň emele gelmeginiň barşynda gatlaklaryň ozokerit bilen doýgunlygyna kollektor häsiýetli gatlaklaryň litologiýasy we suw bilen doýgunlygy meýdanyň tektonikasy, gatlaklardaky suwlaryň kadasy täsir edýär.

Atmosfera agentleriniň täsiri astynda ozokerit magdany özünden ýeňil fraksiýalary çykarýar, suw bilen gaýnadyp almaga boýun bolmaýan has gury hala gelýär, harsan diýip atlandyrylýan şeýle magdanlar giň meýdany tutýar we ozokeritiň uly gorlaryny özünde jemleýär. 

 

Yhlas GURDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.