logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Serdar Berdimuhamedow Döwletliler köşgüne bardy
  31.05.2022
1422
Serdar Berdimuhamedow Döwletliler köşgüne bardy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherindäki Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüne bardy.

Döwlet Baştutany Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleri Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady we olara ýadygärlik sowgatlary berdi. Kiçi ýaşly okuwçylara dürli görnüşdäki oýunjaklar, gurjaklar, oýnawaç awtoulaglar, uly ýaşly mekdep okuwçylaryna bolsa «iPad» şeýle-de ähli ýaşdaky çagalara tomusky sport lybaslary hem sowgat berildi.