logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Serdar Berdimuhamedow - Karl III-i ýaş toýy mynasybetli gutlady!
  17.06.2023
923
Serdar Berdimuhamedow - Karl III-i ýaş toýy mynasybetli gutlady!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä onuň resmi ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny ýollady.

«Biz Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giň ugurlar boýunça ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynanýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda nygtady.

Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Onuň Alyjenaby Karl III-ä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Birleşen Patyşalygyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

 

TDH.