logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Politics /Serdar Berdimuhamedow saýlawlara gatnaşdy
  27.03.2023
1271
Serdar Berdimuhamedow saýlawlara gatnaşdy

26-njy martda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy.

Ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Köpetdag etrabyndaky Annanyýaz Artyk adyndaky ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdebiň çägindäki 48-nji saýlaw uçastogyna geldi.

Döwlet Baştutanymyz saýlaw uçastogynyň ses bermek üçin niýetlenen ýerine baryp, iň mynasyp gören dalaşgärlerine ses berip, özüniň konstitusion hukugyndan peýdalandy hem-de raýatlyk borjuny berjaý etdi.