logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Politics /Serdar Berdimuhamedow Ýeňiş gününiň hormatyna Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
  10.05.2023
1199
Serdar Berdimuhamedow Ýeňiş gününiň hormatyna Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

9-njy maýda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga iberen çakylygy boýunça iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady.
Bu çakylyk iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň arasynda 7-nji maýda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde beýan edildi.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
...Birnäçe wagtdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynyň «Wnukowo-2» howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi adamlar garşyladylar.
Soňra Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Kremliň ýanyna geldi. Kremliň «Tugraly» zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.
Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde Gyzyl meýdanyň merkezi münberine tarap ugrady. Belent mertebeli myhmanlar bu ýerden dabaraly harby ýörişi synladylar.