logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Serdar Berdimuhamedowa arassa ganly arap bedewleriniň ikisi sowgat berildi
  23.02.2023
1400
Serdar Berdimuhamedowa arassa ganly arap bedewleriniň ikisi sowgat berildi

Mälim bolşy ýaly golaýda, Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýn Patyşalygynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedow Manamadaky «Safiriýýa» köşgüne baryp, ol ýerde Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa bilen arassa ganly arap bedewleriniň, şeýle-de beýleki tohum atlaryň görkeziliş sergisine syn etdi.

Bahreýniň atçylyk pudagynyň taryhy Serdar Berdimuhamedowda uly gyzyklanma döretdi.

Döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işindäki hyzmatlarynyň hem-de gadymdan gelýän atçylyk däplerini ösdürmäge goşan goşandynyň ykrarnamasynyň nyşany hökmünde Prezident Serdar Berdimuhamedowa ajaýyp arap tohum atlarynyň ikisi sowgat berildi.

Belläp geçsek, Türkmen döwletiniň Baştutany Bahreýniň Patyşasy bilen bilelikde Görkezilen tohum atlaryň arasynda meşhur ahalteke bedewleri-de bar.