logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /«Serdar» pamyk egriji fabriginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  01.03.2023
750
«Serdar» pamyk egriji fabriginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

«Bu bagtyýar diýarda sarpalydyr zenanlar» ady bilen Kaka etrabyndaky «Serdar» pamyk egriji fabriginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň meýilnamasy esasynda geçirilen duşuşyga etrabyň kärhanada zähmet çekýän gelin-gyzlar, ýaş hünärmenler  gatnaşdy.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň başlygy M.Myradow, ýurdumyzda zenanlar hakynda edilýän alada, türkmen jemgyýetinde zenanlaryň orny we türkmen zenanyny bezeýän gözel ahlak sypatlar dogrusynda gürrüň etdi hem-de gelin-gyzlaryň bagtyýar durmuşy, ajaýyp şertlerde zähmet çekmegi, bilim almagy, döretmegi ugrunda edýän aladalary üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdy.

Kaka etrabynyň «Serdar» pamyk egriji fabriginiň başlygy A.Nurlyýewiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni A.Magtymgulyýewiň, çykyşlarynda bellenilişi ýaly, türkmen jemgyýetinde zenanlaryň orny uludyr. Ýurdumyzda zenanlarymyzyň erkana ýaşamagy we işlemegi, bilim almagy, hünär öwrenmegi, perzentlerini döwrebap terbiýelemegi ugrunda döwlet tarapyndan bimöçber alada edilýär. Zenanlar şeýle aladalara jogap edip, ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýol-ýörelgelere birkemsiz eýermelidir, maşgala mukaddesligini gorap saklamalydyr, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemelidir.

Duşuşygyň dowamynda mukaddes ojaga wepalylyk, asyllylyk, edep-ekramlylyk, sypaýylyk, päk ahlaklylyk ýaly ýagşy gylyk-häsiýetler barada aýdylan öwüt-ündewler oňa gatnaşyjylarda uly täsirleri döretdi.

 

Eýeberdi BÄŞIMOW, 

Kaka etrabyndaky «Serdar» pamyk egriji 
fabriginiň kärdeşler arkalaşygynyň 
ilkinji guramasynyň başlygy.