Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Serhet gullugynyň ýatdan çykmajak taryhy
  25.08.2021
504
Serhet gullugynyň ýatdan çykmajak taryhy

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meseleleri döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Harby-Deňiz Güýçleriniň harby bölüminiň täze desgalar toplumy açylyp ulanylmaga berildi.

Dolandyryş binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň hem-de bu ýerde döredilen şertleriň ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigini bellemek gerek.

Baş binada dolandyryş bölümi, şeýle hem nobatçylyk alyp barýan harby deňizçiler üçin iş otagy ýerleşýär. Hemme bölümlere Harby-Deňiz Güýçleriniň hünärmen-serkerdeleri tarapyndan taýýarlanylan ýörite programma üpjünçiligi ornaşdyryldy.

Täze tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň, elektron kartanyň kömegi bilen Hazar deňzindäki ýolagçy we harby gämileriň hereketlerini yzarlamak mümkin. Munuň özi deňziň kenarýaka bölegine gözegçilik etmek üçin niýetlenen radiolokasiýa enjamlaryň we HDG-niň söweşjeň gämilerinde bar bolan tehniki toplumlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Şeýle hem sanly enjamyň, hemra aragatnaşygynyň kömegi bilen gämileriň deňizde ýerleşýän ýerleri, olaryň ýangyç we suw üpjünçiligi kesgitlenilýär. Bu bolsa dolandyryş nokadyndan harby gämiler bilen yzygiderli aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär.

Dolandyryş bölüminde alnan maglumatlar toplanylýar we işlenilýär, bu ýerde oturdylan enjamlar işleri ýeňilleşdirýär hem-de maglumatlary bellenen ýerleri boýunça ibermäge şert döredýär.

Harby-Deňiz Güýçleriň täze harby bölüminiň desgalarynyň bu ulgamdaky döwrebap talaplara laýyk gurlandygyny bellemek gerek. Onuň çäklerinde esgerler ýatakhanasy bolup, onda harby gullukçylar üçin amatly durmuş şertleri üpjün edildi. Şunda arassaçylygyň we düzgün-tertibiň saklanylmagyna degişli düzgünleriň berk berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär.

Harby gullukçylar üçin niýetlenen naharhana we onuň enjamlaşdyrylyşy häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Ammar önümlerini saklamak üçin sowadyjylar bilen üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň we amala aşyrylýan harby özgertmäniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem harby bölümde dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen hem-de ýyladyş we salkynlaşdyryş ulgamlary bilen degişli derejede üpjün edilen jaý bar.

Biz Watan goragçylary üçin şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Belent Serkerdenaşymyza biziň alkyşlarymyzyň çägi ýok, goý, Hormatly Belent Serkerdenaşymyzyň  jany sag-ömri uzak, il-ýurt bähbitli Döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!