logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /“Seýit Jemaleddin ýadygärligi” barada
  09.03.2020
3129
“Seýit Jemaleddin ýadygärligi” barada

Türkmen topragynda Teýmirler zamanasynyň ajaýyp binagärlik däplerini we çeperçilik tärlerini özünde jemlän, ady belli ýadygärlik bolan, halk arasynda “Seýit Jemaleddin” diýip atlandyrylýan Änewdäkişyh Jemalleddiniň metjidi bolup durýar.

Bu ýadygärlik Horasanda teýmirleriň neslinden bolan Abul Kasym Baburyň dolandyran döwründe XV asyrda gurulýar. Bu metjit özüniň daşky gözelligi we binagärlik aýratynlyklary bilen Gündogaryň musulman binagärleriniň köpsüni haýran galdyrdy. Emma, gynansak-da, orta asyr ussalarynyň döreden ajaýyp binagärlik nusgasy bolan bu metjidiň binalaryna 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolan ýer titremesi öz zyýanyny ýetiripdir. Ýöne ýer titremesi binany ýykanam bolsa, bu ýerde birnäçe taryhy ýadygärliklere baý bolan binalaryň bölekleri saklanyp galypdyr. Bu ýadygärlik 1948-nji ýyla çenli küşt düzüm tertibi görnüşinde ýerleşýän üç göwrümi emele getirýärdi. Çeper döredijilik bezegi bu gurluşygyň merkezi böleginde bolup, ol metjidi emele getirýärdi, onuň merkezi oky günorta-günbatardan demirgazyk-gündogara dogurlanýarwe metjidiň mähraby kybla tarapa bakyp durdy. Metjidiň içi dörtburçly bolup, taraplarynyň ölçegleri 10, 50 m, üsti gümmez şekilli bolup, howly tarapa açylýan uly aýlawly örüm we esasy girelge peştagy bolupdyr. Diwaryň aşaky hatarynda esasy girelgäniň garşysynda mährap ýerleşipdir. Mährabyň iki gapdalynda syrdam tagçalarda gapy ýeri, ýokarky hatarda ýene-de tagçalarda penjire ýerleri goýlupdyr.