logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumyna syýahat guraldy
  24.08.2022
944
Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumyna syýahat guraldy

Ýakynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat we Ak bugdaý etrap birleşmeleriniň guramagynda Änew şäherinden uzakda bolmadyk ýerde ýerleşýän Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumyna syýahat guraldy. Oňa Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary gatnaşdy.

 

 

Syýahat mahalynda oňa gatnaşyjylara Änew düzlüginiň şeýle-de gadymy Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumynyň taryhy hakda täsirli gürrüň berildi. Berilen gyzykly gürrüňler aýratyn ünsi çekiji boldy.

 

 

Syýahata gatnaşyjylar ýadygärlikler toplumyna gyzyklanma bilen aýlandylar. Onuň binagärlik sungatynyň özboluşly äheňleri ildeşlerimizde uly täsirleri döretdi.