logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Seýitjemaleddin metjidiniň golaýynda rejelýiş we dikeldiş işleri geçirilýär
  25.10.2022
960
Seýitjemaleddin metjidiniň golaýynda rejelýiş we dikeldiş işleri geçirilýär

Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň eteginde ýerleşýän Seýitjemaleddin metjidiniň garşysynda ýerleşýän sardobada Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň garamagyndaky Ýörite ylmy-rejeleýiş önümçilik ussahanasy tarapyndan rejelýiş we dikeldiş işleri geçirilýär.

Rejeleýiş-dikeldiş işleriniň geçirilmegi orta asyrlara degişli bolan ajaýyp taryhy gidrotehnika desgany gorap saklamakda we ony syýahatçylyk merkezine öwürmekde wajyp orun eýelär.