logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /«Simpson»-laryň çaklamasy dogry çykýar
  18.11.2022
1135
«Simpson»-laryň çaklamasy dogry çykýar

Ýakyn geljekdäki wakalary çaklamak bilen dünýäni haýran galdyrýan «The Simpsons» multifilminiň ýene bir çaklamasy dogry çykdy.

Geçen günlerde ABŞ-da görlüp-eşidilmedik waka bolup geçdi ýagny ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Trump 2024-nji ýylda ABŞ-da geçiriljek Prezident saýlawlaryna dalaşgärligini yglan etdi. «Simpson»-lar 2015-nji ýyldaky bir bölüminde «Trump 2024» ýazgyny ulanyp, Donald Trump-yň Prezident saýlawlaryna dalaşgär boljakdygyny mundan birnäçe ýyl öň çaklap bilen eken. Bu çaklamanyň dogry çykmagy sosial mediany näbelli pikire gidirdi.

Çaklama degişli suraty «The Simpsons» multifilminiň ssenaristi Al Jean, sosial media ulgamyndan paýlaşdy. Belläp geçsek, «Simpson»-lar mundan öň hem birnäçe wakalary çaklapdy.