logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Şirin – Şeker nygmatlar
  29.08.2021
885
Şirin – Şeker nygmatlar

Ata-babalarymyzyň türkmen topragynda ösdürip ýetişdiren şirinden-şeker nygmaty gawunyň adam saglygyna peýdaly taraplary örän köpdür. Gawun – bereketli türkmen topragynyň behişdi nygmatlarynyň biridir. Şonuň üçin tagamyna taý tapylmajak bu ajaýyp şirin – şeker nygmaty halkymyzyň milli baýlygy, halal mirasy we bakjasynyň bezegi, buýsanjy hasaplanylýar.

Tejen etrabynyň daýhan birleşikleriniň çäklerinde gök-bakja önümlerini ösdürip, ýylyň-ýyllyna gawundyr garpyzyň bol hasylyny ýetişdirýän ekerançylar az däl. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynda hem Tejenli babadaýhanlarymyz kärende ýerlerinde gawunyň halkymyz tarapyndan aýratyn uly isleg bildirilýän waharman, gülaby, zamça ýaly görnüşlerini, garpyzyň bolsa astrahan, golland ýaly görnüşlerini ýetişdirýärler.

Şu günlerde ýetişdirilen gök-bakja önümlerini ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Daýhanlarymyzyň bereketli toprakdan alýan hasylynyň ýylsaýyn artýandygy has-da guwandyrýar.  Şu ýyl hem Tejenli daýhanlarymyz gök-bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdiripdirler. Sahawatly toprakdan bereket tapýan, şeýle bakjaçy kärendeçileriň çekýän yhlasly zähmeti netijesinde öndürilýän bakja önümleri saçagmyzyň bezegine öwrüler.