logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Sisiliýanyň golaýynda ullakan tebigy suw howdany tapyldy
  17.12.2023
902
Sisiliýanyň golaýynda ullakan tebigy suw howdany tapyldy

Italiýa döwletiniň Sisiliýa adasynyň aşagynda takmynan alty million ýyllyk ullakan tebigy süýji suw howdany tapyldy. Bu ýatak sebiti suw ýetmezçiliginiň iň möhüm meseleden halas edip biler. Hünärmenleriň pikiriçe, düzüminde 17 kub km içip bolýan H2O bar we 2,5 km çuňluga çenli uzalyp gidýär. Bu açyşyň abraýy, Italiýanyň birnäçe uniwersitetleriniň gözlegçiler toparyna degişlidir.

 

 

Howanyň üýtgemegi we süýji suwuň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykarylan suw howdany, diňe bir Italiýanyň günortasynda däl, eýsem suw ýetmezçiliginden kynçylyk çekýän Afrikanyň demirgazyk sebitlerini hem halas edip biler. Şeýle hem Sisiliýada köp sanly derýalar bar, olaryň köpüsi merkezi sebitde döräp, adanyň günortasyndaky deňize guýýar. Gündogarda Alkantara derýasy Messina welaýatyndan akyp geçýär we Simeto derýasyna goşulýar.

 

 

Gülruh KURBANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.