logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Technology /Smartfonlar täzeden aýrylyp dakylýan batareýalara gaýdyp gelýär
  23.12.2022
1142
Smartfonlar täzeden aýrylyp dakylýan batareýalara gaýdyp gelýär

Birnäçe ýyl mundan ozal çykan smartfonlarda ulanyjylary begendirýän aýratynlyk bolan aýrylyp dakylýan batareýalar bardy. Wagtyň geçmegi bilen telefon öndürijileri dizaýn tarapdan, oturdylan we çykarylmaýan batareýalary makul bildiler. Netijede, aýrylyp dakylýan batareýalar taryha girdi.

Ýakynda ähli smartfonlarda, planşetlerde we noutbuklarda «USB Type-C» zarýad portlaryny hökmany goýmaly eden Ýewropa Bileleşigi indi batareýalara ideg edýär. Şol sebäpli telefon öndürijiler ykjam telefon batareýalaryny has durnukly we gaýtadan ulanyp boljak täze düzgüniň üstünde işleýärler.

Öndürijileriň Ýewropa Bileleşigine teklip bermegi bilen birnäçe ýyl mundan ozal duş gelen aýrylyp dakylýan batareýalar gaýdyp geler. Bu bolsa smartfon öndürijilerinden batareýalaryň has elýeterli dizaýnyna geçmegini talap eder.

Teklip beriljek täze düzgün entek mejlis we geňeş tarapyndan tassyklanmady. Şeýle-de bolsa, täze üýtgeşme «Apple», «Google» we «Samsung» ýaly meşhur smartfon öndürijilerine ýaramaz täsir eder. 

 

Amandursun HALLYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.