logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Söhbetdeşlik çäresi guraldy
  28.02.2023
780
Söhbetdeşlik çäresi guraldy

Şu gün Kaka etrabymyzyň Garahan geňeşliginde ýaşaýan Öwezmyradowa Sapargül daýzanyň döwletli ojagynda myhmançylykda bolup Kaka etrap häkimliginiň şeýle hem etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň – bagtyýar zenanlary» diýen at bilen agzybir maşgalasynda söhbetdeşlik çäresi guraldy. Söhbetdeşligiň dowamynda etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ak saçly enemiz Öwezmyradowa Sapargül daýza hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda enelerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, ýüzleriniň bahar gülleri ýaly gülüp durmaklary ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il bähbitli ýurt ähmiýetli alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw edildi.  

 

Meýlismyrat MYRADOW, 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Kaka etrap birleşmesiniň başlygy.