Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Medeniýet /ŞÖHRATLY TARYHYMYZA BUÝSANÇ
  28.02.2023
1014
ŞÖHRATLY TARYHYMYZA BUÝSANÇ

Türkmenistan Watanymyz özüniň baý mirasy bilen bütin dünýäde meşhurlyk gazanan, geçmişde ençeme kuwwatly döwletleriň mesgen tutan mekanydyr. Ýurdumyzyň dürli taryhy döwürlerde dürli ugurda şöhratlanandygyna heňňam şaýat. Munuň özi halkara derejesinde hem ykrar tapyp, Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerimiz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna goşuldy. Ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir.

Häzirki wagtda şeýle taryhy ýadygärliklerimiz dünýäniň ähli künjeginden gelýän syýahatçylary özüne çekmek bilen, olar özüniň arhitektura aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Şöhratly taryhymyzyň beýik şahsyýetleri halkymyzyň hakydasynda baky ýaşap, olaryň döreden kuwwatly döwletleri, taryhy ýadygärlikleri gaýtalanmajak binagärlik taýdan ajaýyp sungat eseri hökmünde arzylanýar. Sahawatly türkmen topragymyz häzir hem arheologlaryň, taryhçy alymlaryň, gündogarşynaslaryň ünsüni özüne çekýär, sebäbi keremli topragymyz öz goýnunda açylmadyk syrlaryň genji-hazynasyny özünde saklaýar. Bu gadymy topragyň medeni we taryhy ýadygärliklerini gorap saklamak, ylmy esasda öwrenmek üçin ençeme işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ylmy kitaby hem türkmen halkynyň taryhy ýolunyň gadymylygyndan, baýlygyndan söhbet açýar. Alym Arkadagymyzyň bu gymmatly kitaby ylmy-edebi mirasymyzy we şöhratly taryhymyzy düýpli öwrenmekde möhüm gollanma bolup çykyş edýär. Ata-babalarymyzyň döreden we asyrlaryň dowamynda kämilleşip, şu günlere çenli ýetip gelen maddy we ruhy gymmatlyklaryň iň ajaýyp nusgalaryny dünýä ýaýmakda, ýurdumyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesilleriň aňyna guýmakda taryh ylmynyň ähmiýeti diýseň uludyr. 

 

Eziz BARATOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Agroekologiýa hünäriniň
1-nji ýyl talyby.