logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Soňky 50 ýylda ýabany tebigatyň ýaşaýjylary 70 göterimi azaldy
  14.10.2022
1223
Soňky 50 ýylda ýabany tebigatyň ýaşaýjylary 70 göterimi azaldy

Bütindünýä Tebigaty Goramak Guramasy tarapyndan taýýarlanan soňky maglumata görä, ýabany tebigatyň jandarlaryna uly howp abanýar. Guramanyň taýýarlan hasabatyna görä, 50 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda dünýädäki ýabany tebigatyň wekilleriniň 70 göterimi azalypdyr. Olaryň arasynda süýdemdirijiler, süýrenijiler, guşlar we balyklar bar.

Iň uly ýitgi Latyn Amerikasynda we Karib deňzinde, şol sanda Amazon tokaýlarynda bolupdyr. Hünärmenler sebitdäki ýabany tebigatyň wekilleriniň soňky 50 ýylda 94 göterim azalandygyny habar berdiler. Bu görkeziji Afrikada 66 göterim, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde 55 göterim we Demirgazyk Amerikada 20 göterim boldy. Beýleki tarapdan, bu ýok boluşyň tizligi günsaýyn artýar.

Bellemeli zatlaryň biri hem adamzadyň ýabany tebigatyň ýok bolup gitmeginiň öňüni alyp biljekligidir.