logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Science and Education /Sonky jaň dabaralary
  27.05.2026
402
Sonky jaň dabaralary

2025–2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde “Soňky jaň” dabaralary giň gerimde geçirildi. Bu baýramçylyk uçurymlar üçin täze durmuşa gadam basmagyň özboluşly nyşanyna öwrülip, şatlykly hem-de täsirli pursatlara beslendi. Dabaralaryň Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşmagy baýramçylygyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaş nesillere döwrebap bilim bermek, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we ýokary taýýarlykly hünärmenleri kemala getirmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda döwrebap enjamlaşdyrylan mekdepleriň sany artýar, täze okatmak usullary ornaşdyrylýar, okuw maksatnamalary we kitaplary yzygiderli kämilleşdirilýär.

 

Ýaşlaryň bilimli, watansöýüji we döredijilikli şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” kabul edildi. Bu resminama bilim ulgamynyň üznüksizligini üpjün etmäge, döwrebap bilim beriş derejesini ýokarlandyrmaga hem-de ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge gönükdirilendir.

 

Asylly däbe görä, uçurymlar we mugallymlar Garaşsyzlyk binasyna, şeýle-de Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül desselerini goýdular. Soňra ähli mekdeplerde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygar astynda “Soňky jaň” dabaralary geçirildi. Dabaralar Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlandy we hormatly Prezidentimiziň uçurymlara, mugallymlara hem-de bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy bilen dowam etdi.

 

Baýramçylyk çykyşlarynda bilimiň jemgyýetiň ösüşindäki orny aýratyn nygtaldy. Şeýle hem dürli ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda we döredijilik çärelerinde üstünlik gazanan okuwçylara hem-de bilim işgärlerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Uçurymlar mugallymlaryna hoşallyk bildirip, soňky jaňy kakdylar we körpelere bilim ýolunyň nyşanyny gowşurdylar.

 

Dabaralaryň dowamynda medeni çykyşlar, aýdym-sazly çäreler we gezelençler guraldy. Agşam bolsa “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde baýramçylyk konserti geçirildi. Şeýle hem Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert maksatnamasy ýaýbaňlandyryldy.