Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ TSTP-da startapçylaryň arasynda duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Sanly çözgüt—2025” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi ✦ ✦ Milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki orny ✦ ✦ «Türkmentel – 2025» öz işine başlady ✦ ✦ Pekinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly halkara çäre geçirildi ✦ ✦ Sanly dolandyryş ulgamynda döwletiň täze ösüş tapgyry ✦ ✦ TDEI-de bag ekmek dabarsy geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli ýaşlarda çagalar üçin milli oýunlaryň ähmiýeti ✦ ✦ Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk giňeýär ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Şor ýerleri nähili özleşdirmeli?!
  21.12.2023
659
Şor ýerleri nähili özleşdirmeli?!

Hasyllyk köp babatda ýeriň melioratiw ýagdaýyna baglydyr. Ekin meýdanlarynyň möçberini köpeltmek, şorlan ýerleri özleşdirmek, olaryň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak esasy meseleleriniň biri bolup durýar. Şonuň üçin şorlaşan ýerleri özleşdirmegiň, toprakdaky suwda ereýän zyýanly duzlaryň saklanyşyny azaltmagyň iň täsirli göreş çäresi ýuwuş suwuny geçirmekden ybaratdyr.Ýuwuş suwlary örän gowy tekizlenen, zeýkeşler bilen üpjün edilen, drenažlaryň gowy işleýän ýerinde hem-de ýerasty suwlaryň has aşakda ýerleşen wagty noýabr aýynyň ikinji ongünlüginden mart aýynyň birinji ongünlügi aralygynda geçirmeklik amatly hasap edilýär.

 

 

Atyzlary hapa - haşal otlardan doly arassalamaly we 30-35 sm çuňlukda sürüm geçirip tekizlemeli. Topragyň mehaniki düzümine baglylykda orta we agyr toprakly ýerleri 0,20 - 0,30 gektar, ýeňil toprakly ýerleri 0,15 - 0,20 gektar aralygynda kölçelere bölmeli we ondan soň ýuwuş suwlary tutulyp başlanmaly.

 

 

Ýuwuş suwlarynyň möhleti, döwri we olaryň dowamlylygy topragyň mehaniki düzümine, ýerasty suwlaryň ýerleşen çuňlugyna hem-de topragyň şorluk derejesine baglylykda kesgitlenilýär. Ýuwuş suwuny güýçli şorlaşan ýerlerden başlamaly. Güýçli şorlaşan ýerlerde gektara 5,0 müň kub metr, orta şorlaşan ýerlerde 3,5 müň kub metr, gowşak şorlaşan ýerlerde 2,5 müň kub metr möçberde suwy harçlamak bilen, ýuwuş suwuny tutmaklyk maslahat berilýär. Her ýuwuş suwundan soň artykmaç ýerasty suwlaryň zeýkeşlerden akyp gitmegine mümkinçilik döretmeli.

 

 

Topragyň şorlaşmasynda esasy üns berilýän görkeziji ýerasty suwuň ýerleşýän derejesidir. Ýerasty suwuň ýokary göterilýän döwründe, onuň derejesini peseltmek talap edilýär. Munuň üçin zeý kanallarynyň arassalygyny, içindäki suwuň derejesini ekerançylyk meýdanlaryndaky suwuň derejesinden pes bolmagyny üpjün etmeli. Ekin dolanyşygynyň amala aşyrylmagy, suw tutmak kadalarynyň dogry berjaý edilmegi hem-de ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilde alnyp barylmagy bu toprak şorlaşmasynyň öňüni almaga uly ýardam edip biler.

 

 

Ýuwuş suwy geçirilip gutarandan soň wagtlaýyn suwaryş ulgamlaryny düzýärler we täzeden tekizleýiş işlerini geçirýärler.

 

 

Ýuwuş suwunyň netijeliligini barlamak üçin ýuwuş suwundan soň, topragyň düzümindäki duzlaryň ölçegleri geçirilýär. Şeýle hem ýerasty suwuň derejesine we duzlulygyna gözegçilik etmek üçin hem işler geçirilmelidir.

 

 

Eger meýdanlaryň suw geçirijiligi ýaramaz bolsa, onda ýuwuş suwuny geçirmek şaly ösdürip ýetişdirmek bilen utgaşdyrmalydyr. Ýuwuş suwlary geçirilen ýerleri örän tiz özleşdirmelidir. Ol ýerlere duza çydamly ekinleri ekmelidir we toprak gaýtadan şorlamaz ýaly suwaryşyň ýuwuş düzgünini (ýokarlandyrylan suwuň mukdary bilen tiz-tizden suw tutmak) ulanmalydyr.

 

Atamyrat Akbaýew
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny
mehanizmleşdirmek fakulteti
4-nji ýyl talyby.