logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Şowhuna beslenen baýramçylyk dabarasy
  06.03.2025
1453
Şowhuna beslenen baýramçylyk dabarasy

Türkmenistan döwletimizde zenanlara hormat goýmak, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ugrunda ägirt uly işler alnyp barylar. Zenanlar ähli döwürde diňe bir maşgalanyň binýady däl, eýsem, umuman jemgyýetiň sütüni bolup durýar.

 

Şu günlerde ýurdumyzyň çäginde Halkara zenanlar günine bagyşlanyp welaýatyň etraplaryň çäklerinde aýdym sazly dabaralar, baýramçylyk çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle çäreleriň biri hem ýakynda, Tejen etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň , etrabyň bilim, medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamagynda, Tejen etrabynyň Tejen şäheriniň çägindäki “Arzuw” toý mekanynda “Bitarap döwletiň ajap görkana zenanlarymyz zähmet çekýär erkana” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara etrabyň edara-kärhanalarynda, ylym bilim ulgamynda zähmet çekýän zenanlar, kümüş saçly eneler işjeň gatnaşdylar.

 

Dabarada Medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde ata watanymyzy, mährem enelerimizi, zenanlarymyzy wasp edýän mahmal owazly, aýdym-sazly çykyşlar belentden-belent ýaňlandy. Ýerine ýetirilen gülküli sahna oýunlar dabara gatnaşyjylarda baýramçylyk şowhunyny hasda artdyrdy.

 

Dabaranyň dowamynda zenanlar özleri üçin döredilip berilýän mümkinçilikler üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Gülbahar Çaryýewa​,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň hünärmeni.