logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Şowhuna beslenen çäre
  07.07.2025
330
Şowhuna beslenen çäre

7-nji iýulda, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň, Türkmenistanyň Ekologiýa Hereketi jemgyýetçilik guramasynyň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar” müdirliginiň bilelikde gurmaklarynda Gökderedäki “Nesil” çagalar dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň arasynda “Şadyýan-bagtyýar bagtly çagalar” atly çäre geçirildi.

Çäräniň dowamynda geçirilen dürli bäsleşikler çagalaryň arasynda gyzyklanma döretdi. Olardan “Nesil” we “Şöhle” çagalar dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda geçirilen surat çekmek, reňkli kagyzlardan şekiller ýasamak, kitaphanada çeper okaýyş, gyzjagazlaryň arasynda geçirilen “Gyzlaryň el işleri” bäsleşikleri we aýdym-sazly çykyşlar çagalarda uly täsir galdyrdy. Bulardan başga-da “Kiçi f            utbol”, “Päsgelçiliklerden ylgap geçmek” (“Estafeta”) ýaly sport bäsleşikleri çäräniň şatlygyna şatlyk goşdy. Dürli bäsleşiklere gatnaşyp, gowy çykyş edip tapawutlanan çagalara sowgatlary gowşuryldy. Bu bolsa gatnaşan çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi.

Çärä gatnaşanlar, şeýle mümkinçilikleri döredip berendikleri üçin Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyza we Milli Liderimiz Hormatly Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýdyp, alyp barýan işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler.

Çäre örän guramaçylykly we şatlyk-şowhuna baý boldy. Şeýle çäreleri geçirmegiň esasy maksady ýurdumyzdaky çagalary ýaşlykdan kitap okamaga, sport bilen meşgullanmaga, çeperçilige we döredijilige höweslendirmekden ybaratdyr.