logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Şowhuna beslenen dabara
  29.12.2020
731
Şowhuna beslenen dabara

       TMÝG-iň Sarahs etrap Geňeşiniň gurnamagynda etrabyň Medeniýet öýünde taze ýyla bagşlanyp baýramçylyk dabarasy geçirildi. Täze ýyla bagşlanyp geçirilen dabarada Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany ýylynda ýetilen sepgitler hakda söhbet açdylar hem-de baýramçylyk gutlaglaryny, ýagşy-arzuw niýetlerini beýan etdiler.

       Soňra bezemen arçanyň töwerginde ýaňlanan estrada we halk aýdym-sazlar, tans çykyşlary kalplary joşa getirdi, ýüreklere ylham berdi.  Bu ýerde sahna ussatlarynyň degişme çykyşlary-da göwünleri galkyndyrdy. Şatlyk-şowhuna beslenen dabarada bezemen arçanyň daş-töwereginde Aýazbabadyr, Garpamyk bilen ýaş nesilleriň belentden çykýan owazlary asuda-parahat ýurdumyzyň, bagtly çagalygyň, dost-doganlygyň waspy uly joşgun bilen ýerine ýetirilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Dabaranyň ahyrynda çagalara täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.