logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Sowuk howada 1 million öý elektriksiz. Adam pidalary köpelýär!
  26.12.2022
1063
Sowuk howada 1 million öý elektriksiz. Adam pidalary köpelýär!

Ozal hem habar berşimiz ýaly, ABŞ-da doňduryp barýan sowuk we aýazly günler dowam edýär. Ýaramaz howa şertleri sebäpli ýurtda köp sanly awtoulag heläkçiligi boldy.

Ýurduň Oklahoma, Kentucky, Missouri, Tennessee, Wisconsin, Kansas, Nebraska we Ohio ştatlarynda sowuk aýaz sebäpli 17-den gowrak adam pida boldy.

ABŞ-nyň Milli howa gullugy sowuk howa akymynyň ýene birnäçe günläp dowam etjekdigini mälim etdi. Ýurtda ýatyrylan uçuşlaryň sany 5700-den geçdi. 1 milliondan gowrak öý we kärhana elektriksiz galdy.

ABŞ-nyň hökümeti şeýle sowugyň nesilde bir gezek görülýändigini belleýär.